09:04 Däliden dogry habar | |
G.A. Gel, bar zady edeli biz ýerbe-er, Bar zady edeli çöp döwlen ýaly. Bu nä duýgy boldy — Jana derdeser?! Mundan beter nämemiş muň hyýaly?! Ýa bile gideli bir ýola düşüp, Ýa rugsat ber — Öz ýoluma gideýin. Men ýaşap bilemok çöküme düşüp, Dyzym epilenok — Nalaç edeýin! Ýitgiler kän. Ýene birne dözüler. Oda ýanyp boldummy men gap-gara?! Gowsy «Ýok» diý — Göni bakyp gözüme, «Hawa» diýme — Ýüzüň sowup gapdala. Şiraly NURMYRADOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
