01:07 Bir jana üflenen janan... | |
Şapagyñ gyzyly - ýañagyñ aly, Senden uzak bolsun şeytanyñ aly. Asman atynanda gara ýapynja, Sen meni galdyrma tümde gypynja. Süýdüñ gaýmagy deý Aýyñ ýagtysy, Gondy daglañ çekgesine birgeñsi. Ýylgyrañda dünýä ýagtylyk berýäñ, Men şonuñ nuruna ymtylyp barýan. Ymtylyşym geñsileme, mähriban, Ymsynyşym ýañsylama, mähriban. Sen süýde ýugrulyp ýasalan lira:m, Nirden gelip çykdyñ, melekmi tiräñ?! Al ýañagna çukanaklar çöken gyz, Tebigatyñ kükreginden çykan gyz. Çytyk gaşly, giñ mañlaýly görküñi, Gel, ýüze sylaýyn bugdaý reñkiñi. Bu howsala salýan - yşkmy, ne bela? Tebsiretjek, çar tarapym Kerbela. Senden gaçyp tebigatyñ goýnuna - Bökdüm, yşkyñ ýüki düşdi boýnuma. Sen, Tebigat, hem Yşk - bir Jan ekeniñ, Bir jana üflenen Janan ekeniñ. Has Türkmen. | |
|
| |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
