20:29 Oňşuksyz öý | |
Oňşuksyz öý – niçik ýowuz, niçik sal? Oňşuksyz öý – niçik zabun, niçik hal? Sen niçik öý, niçik sowuk, sen ejiz, Şoň üçin dälsiň eziz. Oňşuksyz öý beteridir tamugdan, Düşünmeze düşnüksizdir sebäbi. Atam diýmiş: «Şükranalyk bezegdir, Bilgin, oňşuksyzyň azandyr gäbi!» «Maşalla!» diýdirýär daşdan synlana, Onuň içi durşy bilen zerdendir. Dawa-jenjel weli egsenok munda, Meger öýüň hojaýyny şerdendir. Salamyň alynmaz, salam berilmez. Diýdirýär: «Bu öý şeýtan süreni!” Toba ýok. Tobasyz öýüň matlaby, Bir-birege sürtmek gara kireňi. Awuly saçagyň awyly duzy, Müň paý gowy mundan güni gedaýyň. Şeýtan zürýadyndan ahmyrly göwün, Kethudasy ýok bu öýde hudaýyň. Başynda kyýamat tobasyz öýüň, Iner bela beterinden-beteri. ...Indiberi göründe bir goýuň-a, Bu zulmatdan ölüp dynan pederi. 23.11.2014 | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
