10:30 "Bir pikir geldi kelläme..." | |
Bir pikir geldi kelläme şu gün, Şowakörler seňseledýär dünýäni. Gara gana telwas göwün elmydam, Dolap barýar dünýä inen, inýäni. Kim bolsaň bol, bolsaň ejize ganym, Bolup bilmeň ýaradanyň halany. Bu gün baý, erteki gün kim bola sen? Çaýkama sen ynanylan galany. Şowakörüň gözi batyl aslynda, Kim gan döküp, gazanypdyr bagtyny? Pide bary gatlarynda taryhyň, Öwsüp giden şemal ýykmyş tagtyny. Ýedi arka, ýetmiş arka dolanan, Başdan gitmez Hüňkar salan hasraty. Pagyş-para gara ýere siňjekdi, Emma adam başy daşdanam gaty. Hüňkarlar, lekeler barka jahanda, Gülüp, oýnap gezip bilmeň, eý, jahyl. Seň elmydam göwün küýsän dünýäňde, Ýele öwsüp duran salgym bar ahyr... 16-20.09.2024. | |
|
| |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
