12:25 Öwün | |
Peşmek daban, ketgen kökli, eý, adam, Bar bolsa oýlangyn, hakydaň-ýadyň, Il içinde neneň tutulýar adyň, Sen bu gün özüňe seredip öwün! Derýada köp çöpler akyma çümmüş, Akmak laýa, dana akyla çümmüş, Eneň-ataň, arka-neberäň kimmiş, Öňüňe-yzyňa seredip öwün! Bilmedigi näçe, bileni barmy, Söz sözlände diliniň ýalany barmy, Öýňe myhman gelse salamy barmy, Ogluňa-gyzyňa seredip öwün! Gepläm gepiň hakykatmy, galatmy, Görünip dur, başyň gara bulutly, Terezide oturanyň unutma, Köpiňe-azyňa seredip öwün! Teniň hapa, päkdigine il belet, Göwüň gara, akdygyna il belet, Atym çaýyň ýokdugyna il belet, Nanyňa-duzuňa seredip öwün. Ozana bellidir, ajyňdyr süýjiň, Abraýyňa şärikli, ol tohum-tijiň, Etmişiňi hopba etmäge güýjüň, Ýetermi, dyzyňa seredip öwün! Salyh AÝDOGDYÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
