12:39 Hormat | |
|
Nan mukaddes ymmata, Togap gudrat hümmete, Şirin nazu-nygmata, Gymmat saçaga hormat. Türkmen bedew atyna, Arşdaky sungatyna, Haly - uz zynatyna, Gölli - goçaga hormat. Pähim-paýhas ýaýýana, Mähri bilen çoýýana, Keşbine nur çaýýana - Ak sakgal-saça hormat. Watana, her ynsana, Hossar, zürýat - nyşana, Halkyma-mähribana, Serdar, gerçege hormat. Ozan buýsanar merde, Pitnedir näletkerde, Ösüş - bäsdeş bar ýerde, Erjel erjele hormat. Salyh AÝDOGDYÝEW. | |
|
| |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
