13:42 Bu ýyllar | |
Bu ýyllañ gelişi başgadyr-başga, Üýtgeşikdir gelýän ýazy-bahary. Ummany beslenen müñ dürli yoga Boý alýandyr Ýere ýeten nahaly. Galkynan göwünler göterilýär has, Nazy-nygmatlardan doludyr jamym. Görkezdi güýjüni Akyl hem Paýhas, Şeýdip arşa galyp barýar eýýamym. Baýyrlar gül bilen bezendi diñe, Asmana ýoluny ýetirdi Adam. Täze ýeñişlere arzuwym ine, Zähmetiñden bagt tapsyn yhlasyñ. Gök arçalar şöhlesini saçypdyr, Öýlerden çagalañ gülküsi gelýär. Täze ýyl! Gelýärmiñ, ýoluñ açyk dur, Biziñ ömür ýene bir gez beýgelýär. Geliber, Geçiber, gelýäniñe hoş, Öýmüziñ törüni görýäris rowa. Döwletim bar, döwletime yrsgal goş, Sag aýagyñ bilen ätle bosaga. Bu ýylyñ gelişi başgadyr, hawa, Düzüwdir bu ýyllañ niýeti, päli. Dolsun kalbyñyza arassa howa, Ak gar bilen bezär ajap ülkäni. Gözel ŞAGULYÝEWA. "Edebiýat we sungat" gazeti, 01.01.1987 ý. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |