Ähli halklaryñ aslam, neslem bir, süññem, geljegem bir, duşmany-da bir (ezijiler, halklary biri-birine duşman edip, jeñleriñ hasabyna, ýaýradýan ýokanç keselleriniñ hasabyna döwran sürüp ýaşaýanlar), Watany-da bir (Ýer planetasy). Ideologiýalar çalşyp biler. Pikir welin könelmändir. Soñky pandemiýa munuñ hijem könelmejekdigini görkezdi.
Halypamyň ýanynda bir gezek şuňa meňzeş gürrüň edip, oturanlar öz "aňyrlarynyň" gadymydygyny aýdyp öwündiler. Şonda ol: "Hiç haýsyňyzyňam aslyňyz meňkiden gadymy däldir!" diýdi. Biz geňirgenip oňa seredişdik. Hasam men halypamyň sözüne birhili boldum. Sebäbi onda öň munuň ýaly "tümmek gum" bilen öz-özüni mazamlamak häsiýeti ýokdy. Emma: "sakawyň soňuna seret" diýleni. Hemmämiziň ünsüni çekendigine göz ýetiren halypam şonda diýdi: -Sebäbi meň aňrym pylan handanam däl, pylan işandanam, pylan baýdanam. Meň aňrym hut Adam ataň özünden gaýdýar. Haýsyň onsoň gadymylykda menden öňe geçip biljek?
Bizi baky birleşdirip Watanmyñ Perzentleri - bir-birine meñzeşdir.
watan bizi baky birleşdirjekdi (sowet halkyny döredip), ýöne arman 70-den kän geçip bilmedi. perzentleri hem bir-birine meňzeş däldi. ne sypat taýdan, ne ekonomika taýdan, ne medeniýet taýdan..... ýöne zyýany ýok.... doganlyk meselesinde.... her wagt her ýagdaýda doganlyk gatnaşygy gerek, we ony saklamaly...
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär. [ Agza bol | Saýta gir ]