00:54 Bürgüt | |
Uç, bürgüdim, Uç erkana ganat ger, Ýöne belent dagdan örküň üzme sen. Darkaş gurup şagallaryň läşin ser, Hemem goşa gumryň günün bozma sen. Ganat kakyp salam berip daglaňa, Ejiz düşseň, güýçden gaçsaň aglama, Gezibersin duşmanyňam awlama, Ýöne mydam töweregňe gözle sen. Kämahal duýjak bol guşlaň agysyn, Çekip gören bolsaň bagyr awusyn, Sen daglaryň, daglar seniň namysyň, Buýsançly bak bu daglaryň ýüzne sen. Sen bir erkana guş, daglar mekanyň, Saňa erki ýetmez soltanyň-hanyň, Bu daglar içinde sag bolsa janyň, Balaňdan aw tama edip gezme sen. Beýik daglar daşjagazdan bina bor, Beýik daglar ejizleseň pena bor, Bu daglarda namart bolsaň günä bor, Namart bolup gök asmanda ýüzme sen. | |
|
| |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
