02:10 Çagalar dünýäsi | |
|
Çagalar dünýäsi ajaýyp bir ýurt: Altyn derwezeli, derwezebanly. Hiç haçam, hiç kime sütem etmeýän, Sada hem akylly patşaly-hanly. Ol ýerdäki çeşmelerdir derýalar Süýt ýa baldan dolup, akyp barýalar. Gaýalar bar, şokolatdan durşuna! Dolangy dur ýalpyldawuk gurşuna, Arkaýyn iýiber, hemmä ýeterlik. Doýañsoñ, diñarkan düşüp ýatarlyk, Gül-çemenli meýdan töwerek-daşyñ. Şeýle bir-şeýle ýakymly ýeller Ejeñ eli bolup sypaýar başyñ. Baglarda her dürli oýnawaç bitýär, Göwnüñe ýaranyn oýnaber ýol-da! Gorkunç maşynlar däl, bedew goşulan Owadan paýtunlar gatnaýar ýolda. Hemmeler mähriban biri-birine, Elmydam ýañlanýar şatlykdyr-gülki. "Aglaýanlaryñ-da bolmagy mümkin!" Diýýärler, özüm-ä gabat gelemok, Gözýaş, gaýgy-gussa ýokduram belki! Eger-de bu ýurda girmekçi bolsañ, Ýüregiñ görkezip girmeli hökman. Çaga ýüreklimi, ýa-da dälmi sen, Örän dykgat bilen barlaýar sakman. Wezipe, tanyşlyk, pul-para bilen Bu ýurda girmeklik mümkin däl, mümkin. Baş talap: ýüregiñ tämiz bolmaly! Kimse üçin añsat, Kimse üçin kyn... Hemra ŞIROW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
