23:46 Çagalar mekdebe barýar | |
|
Çagalar ir säher mekdebe barýar, Şadyýanja, Ýüz gözleri eýjejik, Ýaşajyk ýürekler umytly urýar, Gürleşýärler, Gülüşýärler keýp edip. Synlap söýgi bilen älem-jahany, Hem çözýärler Kyn sowalyň jogabyn. Olaň hersi bir ak öýüň bahary, Olaň bary bu türkmeniň dowamy Boluşyp özara jedirde-jedir, Gülüşip özara mekdebe sary Barýarlar çagalar geljege sary. Kimsi ketenili, Başy tahýaly, Arassaja, Tertiplije, Görmegeý. Olar bilýär indi beýik aslyny, Öz geçmişin öwrenýärler göwnejaý. Kemsitmeler, gorky-ürki ýa heder, Olaň çaga dünýäsinden alysda. Sebäp bizde şugla saçyp Gün hem Aý, Şükür Hudaý, Asmanymyz arassa. Säher toý köýnegin, Egnine geýse, Şondan uly bagt, Bolarmy heý-de?! Çagalar ir säher mekdebe barýar, Ylym dünýäsine — mekdebe barýar, Beýik geçmişine, Geljege barýar, Hakydada baky galjaga barýar. Barýar olar, Belent tutup ruhuny, Batly gadam bilen, Şanly asyrda. Mekdep üçeginde, Ýaşyl Tugumyz, Nurun saçyp, Görünýärdi pasyrdap. Bäşim ATAÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
