17:25 Söýgi tolkunlary | |
Ýaşadykça yşgym artýar durmuşa, Söýgi hemem şadyýanlyk gözlegim. Bu owadan dünýäñ ~ täsin gurluşyñ, Gözelligin öz kalbymdan gözledim. Diñe söýüp ýaşamaly jahanda, Gijesin-gündizin, Zemin-Arşyny, Bir synlap görüñ siz, elwan baharda, Tolkunlañ kenara urlup barşyny. Bize şeýle joşgun gerek ömürde, Öýke-kinelerden belentde durýan. Hazar giñişligin özünde jemlän, Jeýhun deýin kenaryna urulýan. Söýgi bilen oýanalyñ säherler, Goý, öteliñ söýgi bilen ak daña. Duýguçyl ýüregmiz bir kenar bolsa, Söýgi tolkunlary urulsyn şoña. ▶ DIÝAR Barmyka mährem zat dogduk Diýardan, Onuñ ter hem tämiz gündizlerinden, Asuda dem alýan gijelerinden, Şapaga öwüsýän al günlerinden. Ynha, höwürtgäñden uçar gidersiñ, Juwan ýürek arzuwlardan doludyr. Ýollar bagra basar, ýöne yzyñda, Iñ gymmatly zadyñ galan ýalydyr. Ýollarda dost gerek, olam tapylar, Ýanyñ alar şat, gussaly günleriñ, Ah, sen ýöne nädip undup bilersiñ, Çagalyk dostlaryñ, sähra güllerin. Kim guwanmaz bu topragyñ päkligne, Sähralarny haly deýin düşenip, Watanyñ mukaddes, ýeke-täkligne, Aýra düşseñ şonda bolýar düşünip. Goý, gitsem gideýin uzak bir ýere, "Gezmegim ömürden" diýlişi ýaly. Ýöne dolanaýyn dogduk Diýara, Baharda çabganyñ guýluşy ýaly. Bäşim ATAÝEW. | |
|
| |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
