21:33 Çagalygyma | |
Ömrümiñ başynda galdyñ gol bulap, Menem bu gün ömrüñ orta gürpünde. Aşyk oýnap ýörmüñ, eý, çagalygym, Oglanlygyñ iñ ilkinji harpynda? Meni jahyllyga düşürip, özüñ Oýna gümra bolup, galdyñ ömrümden. Otuz ýaşa ýetip, kaka bolsam-da, Men sypyp bilemok seniñ emriñden. Ýigit göwnüm galýar sähelçe zatdan, Sähelçw zatdanam galkynýar göwün. Şonuñ üçin "Çaga ýaly" diýýärler, Üç ony eýläme atsam-da bu gün. Kyn günde ýegşerse ýigit gerdenim, Çagalyk dadyma ýetişýär kileñ... Men otuz ýaşymy bölýän-de üçe, Çagalygma gidýän çagalam bilen! ÝÜREK BIR ZADA GYÝYLÝAR Ýürek bir zada gyýylýar: Çyn bedewler azalypdyr. Geçmişimden çapyp gaýdyp, Şu günüme az gelipdir. Ýürek bir zada gyýylýar: Çyn gojalar azalypdyr. Näme üçin beýle bolýar, Ýogsa, ýaş-a uzalypdyr? ÝÜREK, SENI AÝAMARYN Ýürek, seni aýamaryn, Ýaşaýaryn gyssap-gyssap. Ýatyp bolmaz ömrüñ ýaryn, Şeýle hem bu ömür gysga. Käýarym gamçy çalaryn, Garylmaz ýaly tozana. Dostlaryñ göwnün alaryn, Duşarys köñli bozana. Dadyp durmuşyñ şatysyn, Bu ýollarda taplanarys. Ýapaýsa ömür gapysyn, Ýagşylykda ýatlanarys! Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |