22:04 Dutar | |
|
Men çalyp bilemok gudrat dutary, Şonuñ üçin durkum bilen kemsinýän. Pikirler gurçuk deý iýýär beýnimi, Göwnümiñ ýaýlasy beýle ümsüm däl. Öz öñümde ýuwulmajak ýazygym - Garagõ dutary çalyp bilemok. Tarlañ arasyndan ilimiñ sesin, Ýürek bilen sogrup alyp bilemok. "Görüñde çaljakmy indi öwrenip", Diýiljek ýaşlara barypdyr salam. Göwnümde henizem şol oglanlygym, Başymda şalygy - ak bilen çalyñ. Bilýärin, şol meniñ il uly kemim - Men çalyp bilemok gudrat dutary. Öwrülse-de perdä her bir bogunym, Kirişe dönse-de ýüregmiñ tary. Dutar sungatyndan binesip bolup, Ömrüni şemala biweç sowran bar. Ýap boýunda tut agajy gurapdyr, Heý, gidip bolarmy dutar öwrenmän?! ■ IKI AHWALAT Kyn ýagdaýa düşdüm bir gün, Dost sözün küýsedi göwün. Göwnümi göterjek bolup, Bir dostum-a hoş söz diýdi, Syryn açdy gözi gülüp, Çyn söz ýerne boş söz diýdi. Göwnüm çökdi öñküsinden, Göwnüm geçdi öz-özümden. Kyn ýagdaýa düşdüm bir gün, Dost sözün küýsedi göwün. Göwnüm görüp oturmady, Başga dostum hak söz diýdi... Dile ýalan getirmedi, Dostlugy dek bek söz diýdi... Göwnüm joşdy öñküsinden, Hoşal boldum öz-özümden... Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
| |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
