18:05 Çagalykda ýatda galan gedaý | |
|
Ýelnýäñ akan-çukan köçelerinden, Sen näme gözleýäñ meniñ hakydam? Näme üçin ýüzi agras, gussaly Biçäre gedaýy ýatlaýañ mydam? Hiç kimiñ ýüzüne seretmezdi ol, Lal deý, kör deý, gürleşmezdi, görmezdi. Özüniñ tötänden sataşan kesbin, Bassyr-ýussur etjek bolup ýörmezdi. Gürrüñini ederdiler gedaýyñ, Onuñ görýän agyr gününe bakman. Hassa gojañ gyzy barmyş Uralda, Ýaşap ýörmüş zada mätäçlik çekmän. Sibirde oglam bar, puly az dälmiş, Öz ugruna kowmasa-da nebsini. Unudypdyr atalaryn ikisem, Şeýle bolar çagalaryñ egsigi. Uzadylan şaýlyklary alardy, Başyny atardy dagy zat diýmän. Günorta nahary üçin öýmüzden, Berlen puly şoña bererdim iýmän. Arassadyk, jomartdyk biz çagakak, Pullarymy berip oña şo halat. Diýerdim men: - Ulalaýsam ederin, Gedaýlaryñ bu derdine delalat. Kömek ederin men enem-atama, Olaryñ kem zadyn goýmaryn diýýän... Şükür, ine, ýaşap ýörün sag-aman, Ýaşlygym uzakda galypdyr eýýäm. Öñki ýaly gedaýlaram ýok indi, Olañ diñe ýatda galan ady bar. Ýaşap ýör ejemem döwlet jaýynda, Gazy, çyrasy bar, ähli zady bar. Görnüp duran netijesi bu zatlañ Meni dili uzyn etse-de mydam, Çigdiñ gabygy deý gaty ujypsyz Oña meñ goşandym, meñ beren peýdam. Ýuriý RÝABININ. Terjime eden Mämmet SEÝIDOW. | |
|
| |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
