14:43 "Dost bolgun hemişe sadadan-sada..." | |
|
Dost bolgun hemişe sadadan-sada, Suw ýaly, men ýaly adamlar bilen. Temmäkiñi tüsseledip derdiniş Dünýäniñ ajysyn dadanlar bilen. Bolmaz olañ jögüligi, "ah-wahy", Gerek bolsa senden aýamaz gerşin. Ýigrenerler öz bahasy bir köpük Adamlañ pul bilen gomalyp ýörşün. Kössüz däldir olañ edýän gürrüñi, Ýugrulandyr gödek, morta sözlere. Ýöne kyn sözleri şolardan öwren, Öwren dogry seretmegi gözlere. Olardan ýene-de bir zady öwren: Duşsa-da girdabyñ ýowuz erñegi, Pikiriñi köýnek ýaly çalşyrman, Öz wyždanyñ bilen ömür sürmegi. Ýuriý RÝABININ. Terjime eden Mämmet SEÝIDOW. | |
|
| |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
