22:40 «Dal» harpy | |
Eýledim gerçe bu gülşende täki puýy umyt, Bilbil jana weli ermedi gülbuýy umyt. Gam dähr eýledi, eýledi aýnaýy bagtym pür jäň, Maňa görkezmedi myrady pelek roýy umyt. Talhkämi gam bolup belki badyýe mähnetinde, Seýraby eýlemedi bagy dili juýy umyt. Dagdary elem, ki şowkdyr ruhy jananymdyr, Zahmy nasure dowa bolmady daruýy umyt. Şeb zulmatda Wesime ne ola kem küşte isem, Dogmady talygy ykbalyma mahruýy umyt. * * * Hasandyr haty ýardan maksat, Paýyzdyr now bahardan maksat. Seri mah dide dil-u jandyr, Haky paýy nigärden maksat. Pos lagly lebiňdir eý, saky, Sagary hoşguwardan maksat. Zülp-u roýuňdyr bu afaga, Döwri leýl-u nahardan maksat. Buý anbar peşan torre gider, Nafeýi ki müşkbardan maksat. Derber eder o düri Wesim, Bähri gamda kenardan maksat. ________________________ Puý — jikjiki. Umyt — Esasy nusgada "umyd" bolup, türkmen dilinde "d" sesi "t" sesi bilen berildi we "umyt" görnüşinde ýazyldy (çapa taý. bel.) Jäň — ýagyş damjasy. Talhkäm — gaýgyly. Badyýe mähnet — azap çöli. Zahmy nasure — bitmeýän ýara. Şebi zulmat — garaňky gije. Talygy ykbal — ykbalyň oýanmagy. Mahruýy — aý ýüzli. Paýyz — bolluk; sahy, eli açyk. Pos — öpüş, ogşamaklyk. Sagar — bulgur, käse, pyýala. Afak — 1) gözýetim; 2) dünýä, ýurt. Torre — ahyry, soňy. Nafeýi müşkbar — müşk ysyny berýän. Derber etmek — halas etmek. | |
|
| |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
