08:41 Deň duşluk teýenesi | |
|
«Guduramaň saça gyraw düşensoň...» B. Hudaýnazarow Sekiz ýaşymyzda guduramadyk – Başymyzda döwdük günüň gatysyn. On dört ýaşymyzda guduramadyk – Sen enesiz galdyň, Menem atasyz. Bizi On alty hem guduratmady: Ataň çeken ýükün göterdi gerden. Saňa bolsa ykbal Hem-ä enäniň Hemem ataň ýükün ynandy birden. Şol ýüküň astynda gyz söýen bolup, Ötdük On sekiziň däliliginden.. Iller däli wagty ýetim kellämiz Yranýardy «akyl dolulygyndan». ...Indi bolsa saçymyzyň üstüne Ýuwaş-ýuwaş düşüp başlapdyr gyraw. Gar düşmänkä guduraly az-owlak. Şükür keýpimiz kök, Janymyz zarow!.. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
