13:33 Dilberim | |
|
Giç geldiň, giç geldiň, geldiň örän giç, Bütin durkum bilen söýen, dilberim. Garaşdym, garaşdym şu güne deňiç Çirksiz yşkym aýap goýan, dilberim. Zyban gurap galdy sen diýip saýrap, Bogan çemenlerim galypdyr gurap. Yzda gelen ata berlenok baýrak, Bu saňa hem maňa aýan, dilberim. Gözläp köp aýlandym şäher, obany... Ýaňy ahyr yşk derdinden sabanym. Düşün indi, meniň mahy tabanym, Eýleme gözlermi girýan, dilberim. Bu ýaşlarda yşka köňül baglamak, Bu bir ýüregiňi duzlap daglamak, Köşeş läläm, peýda bermez aglamak, Ýollar yrak mundan bu ýan, dilberim. Jumadurdy SEÝITMYRADOW. | |
|
| |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
