19:31 Sallançak | |
|
Kemal eder goç oguly — sütüni, Derek boýly periler bar içinde. Üýtgeşik bir dünýä äkidýär meni, Sallançagy görenimde haçan-da. Şeýle mährem, şeýle rahat sallançak, Kem-kemden bat alýar, batlanýar ýene. Bäbegiň päk dünýäsine salynjak Umytlary hüwdä siňdirýär ene. Iki ýan yranýar gämi mysaly Bäbegiň dünýäsi — ajaýyp mekan. Bar zady başarýan jadygöý ýaly, Sallançak äkidýär ertire bakan. ...Kemal eder goç oguly, sütüni Derek boýly periler bar içinde. Üýtgeşik bir dünýä äkidýär meni, Sallançagy görenimde haçan-da. Jumadurdy SEÝITMYRADOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
