10:25 Diýe-diýe | |
Şol jennetiň derýalary, Akar Alla diýe-diýe. Çykmyş yslam bilbilleri, Okar Alla diýe-diýe. Sallanar tuba dallary, Kuran okar hem dilleri. Jennet bagynyň gülleri, Kokar Alla diýe-diýe. Kimi iýip, kimi içer, Hem melekler rahmet saçar. ldris nebi hülle biçer, Tiker Alla diýe-diýe. Nurdandyr ol diregleri, Kümüşdendir ýapraklary. Uzaldykça pudaklary, Biter Alla diýe-diýe. Aýdan aýdyňdyr ýüzleri, Şekerden datly sözleri, Jennetde hüýr gyzlary, Gezer Alla diýe-diýe. Haka aşyk bolan kişi, Akar gözleriniň ýaşy, Nur deý bolar içi, daşy, Sözlär Alla diýe-diýe. Ne dileseň Hakdan dile, Belet bolup gir bu ýola. Bilbil aşyk bolmuş güle, Saýrar Alla diýe-diýe. Açyldı gökleň gapysy, Rahmete doldy gapysy. Sekiz jennetiň gapysy, Açar Alla diýe-diýe. Ryzwandyr ol gapy açan, ldrisdir hülle biçen. Köwser şerabyny içen, Ganar Alla diýe-diýe. Misgin Ýunus, dost-ýaryna, Goýma bu güni erte güne. Erte Hakyň diwanyna, Barsam Alla diýe-diýe. Ýunus Emre. | |
|
| |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
