23:16 Dört ýyl | |
|
Kakama Obadan urşa giden mugallym Esger bolup gaýdyp geldi mekdebe. Gaýdyp geldi ýene okuwçylarna Gaýdyp geldi ýene kitap-depderne. Hany onuñ söwer okuwçylary? - Hany iküç ýyllap siñdirilen yhlas? Oturanlar başga okuwçylardy, Ýerinde bolsa-da şol tanyş klas. Oglan-gyzlar ýedinjini gutaryp, Her haýsy bir işe dargap gidipdir. On üç sany söwer okuwçysyna Öz dek deñ mugallymlyk edipdir. Dört ýyl heýhat! Oýlandy ýaş mugallym: (Ýaş bolsa-da saçyna ak düşüpdir!) ...Ýa uruş dört ýyldan uzak bolupdyr, Ýa ýigitler, gyzlar tiz ýetişipdir?! Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
