23:45 Rubagylar | |
Bardyr her bir söze zyñyp otyran Ýa-a gaýşyp, terse zyñyp otyran. Her bir gürleýän ýañra-da däldir, Belki, dana däldir dymyp otyran. *** Artykmaç abraýa zaram-a däldiñ, Giñişdiñ, o diýen daram-a däldiñ, Ýaranjañlañ öwgüsinden ýaryldyñ, Üwläp çişirilýän saram-a däldiñ. *** Özi õz ýanyndan bagşy bolardy, Õz sesi özüne ýagşy bolardy. Betbagt giç doglypdyr, şu sesi bilen Öñräk doglan bolsa, jerçi bolardy. *** Hudaýy agtaryp näçe gezdiler, Tapylmansöñ, gözlemekden bezdiler. Eger tapylaýan bolsa-da, ony Ýaranjañlar bize ýetirmezdiler. *** Şabyrdap ýaganda baharyñ ýagşy, Ezildiler oña ýigitler ýagşy. Gara gyşdan üşäp çykan adama Baharyñ ýagşyna ezilmek ýagşy. *** Ýaragsyz nyşana atyp bolanok, Paýhasyñ soñyna ýetip bolanok. Ol başarsa akyl satjak, wah, ýöne Özüñde ýok zady satyp bolanok. *** Bir zady aýdaýyn, şuny berk belläñ: Mydam eden işi ters bolar gendäñ. Sakawlap, sakawa öýkünen bolyp, Özem sakaw bolyp galaýdy bendäñ. *** Gaýtalap özünden öñkileri ol, Gaýtalap özünden soñkylary ol, Ine indem öz-özüni gaýtalap, Boşan küýze ýaly hoñkurady ol. *** Oñat günler geçip gidip barýandyr, Erbet günler geçip gidip barýandyr. Günler saña dost-duşmanyñ kimdigin Ýuwaş-ýuwaş açyp gidip barýandyr. *** Sen ulalsañ, dost guwanar adyña, Duşman bolsa badak salar badyña, Dostyñ bilen tersleşenñi duýdygy, "Dost men" diýip, duşman geler ýanyña. *** Kyndyr bu durmyşyñ kadasyn bozmak, Gül täleýi - ýazda güllemek, solmak. Goý, bize hiç haçan nesip etmesin Gül bolyp açylsak, bigadyr bolmak. Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
| |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
