19:34 Duralgada | |
Duralgada sataşypdyk ikimiz, Sen şadyýan, menem misli içgili. Duralga boş Eger biri bolanda, Geň görnerdi göwnümiziň göçgüni. Agşam çagy Adam-gara ýok şindi, Yşgymyzyň höwürtgesi duralga! Bizi alyp gideris diýp biderek Entek öwün ýüwürtmesin ulaglar. Sen oýun edip meni çekip özüňe, Jak-jaklap güldüň-de näzli towlandyň. Durmadym men seniň näziňe bakyp, Gujakladym Huşy göçen oglandym. Duralgada duşuşypdyk ezizim, Soň söýginiň menziline düşüpdik. Hem bileje ýollarynda Zeminiň saklanmaly däldigine düşündik. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
