17:08 "Durmuş bizi kiçeldip ýör köp ýerde..." | |
Irki goşgulardan. Durmuş bizi kiçeldip ýör köp ýerde, Meger, beýikligi goýnunda düýnäp. “Sen kiçijik!” – pyşyrdaýar betbagtlyk, Ary köýen ýaly, ýekirip, ýanap. “Sen kiçijik!” – mydam rüstem gürlär, Ownuk aladalar süýndürip boýnuň. “Sen kiçijik!” – gökde ýarylyp bir zat, Ýeri gujaklaýar, däldir ol oýnuň. “Sen kiçijik! – urýar sagadyň ýaňy. – Saňa asyl gutulma ýok ölümden!” “Sen kiçijik! Eýse bilýäňmi ýaňy?..” Gülýär Ýalan. Ot syçraýar gözünden. Ýöne bil, geçeňde iň kyn öwrümden, Dünýä gahar edip, bolman kör keýp. Heniz enäň ýüreginde üwrelip, Ozal-başdan biziň barymyz beýik. Adam, sen uzaga ýetip bilmeli, Müdimi syrlar dek senem biserhet. Oýlap tapypdyrlar – beýik bolmagy. Esasy zat - kiçi bolmazlyk gerek! Ýewgeniý ÝEWTUŞENKO. Terjime eden: Baýram JÜTDIÝEW. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |