23:13 Düýş | |
Özgeripdir ynsançylyk gymmaty Garaýşym bu döwre dälmiş kybapdaş. Durmalymyş owurdyñda ynsabyñ, Damagyñdan öter ýaly tagam-aş. Özge betbagtlygna biperwaýlygy Delil tapyp zulumkeşi aklanyñ Gözýetimi nusgasymy, çelgisi Zaman bilen deñje ädim ätläniñ? Wyždanyñy nätjek? Hakykat hany? "Hakykaty gözlän ýuwudar ony O-da tegek bolup bokurdagyna Ne-hä añry gider, ne gaýdar bäri" Gürleşýärdi zalym görkezmän özün Hem berjek bolýardy eldäki közün. Soñky ahwalata kesilýär sözüm, Görenlerme ynanmaýar öz gözüm. Epýän diýip hakyñ öñünde dyzyn, Görýän dört aýagna düşýänin kazyñ. Gyşa öwrüp günäsizleriñ ýazyn It bolup oýnaýar üstünde garyñ. Biparhlykdan heñläp giden sudurlar, Bu ýagdaýa garap dur kada ýaly. Ne-hä öli, ne-de bir diri bular Adamzada şowsuz meñzetme ýaly. Pişejigin jüpläp süýşürägede, Öýsüz galan çaga göterdi golun... Şol wagt horaz çalyp dañdanyñ sazyn Oýardy. Görmedim yzyn. Oýandym köp şükür görmedim yzyn. *** Kazylyk edeniñ ynsan ogluna, Kazysy hut Biribaryñ özüdir. Tarapgöý çözgüdi baky öýüne Elin eltjek ot beriji közüdir. O.Bäşimowa. | |
|
| |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
