18:36 Senden gaýtdym, ýene seniň huzuryňa döneýin | |
Ruhum güle büreýän Duýgularmyň zergäri, Köňlüm ýaza besleýän Ynanjymyň owazy. Alnyňda dyzym epip, Ýykylaýyn öňüňe. Päk kalbymyň eýesi, Öwrüleýin guluňa. Söýgiň üçin gije-gündiz Götereýin aýamy. Kabul et naçar dilegim, Sensiz goýma dünýämi. Diňe özüňden gorkýan, Sensizlikde galmaga. Şol gorkym söýget maňa Ýykylamda galmaga. Şol gorky meň nebisim, Namysym-arym, Sabyr-kanagatym, Maksat-myradym... Senden gorkup, mähir bilen Saňa bakyp duraýyn. Garşy gitmän, kaýyl bolup Şükürlerim kylaýyn. Razylygyň nesip eýle, Iman nurun göreýin. Senden gaýtdym, ýene seniň Huzuryňa döneýin. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 4 | |||
| |||
