23:18 Düzme | |
|
Bu gün düzme ýazyň özüňiz hakda, Geçmişiňiz hakda, geljegňiz hakda. Ýüregňizi beren gyzyňyz hakda, Eda bilen söýýän gerçegňiz hakda. Bu gün düzme ýazyň öz ömrüňizden, Öz döredijilik ýoluňyz hakda. Hyýalyňyz hakda, arzuwňyz hakda. Bar zadyňyz hakda, ýoguňyz hakda, Ýazyň şu gün näme bolsa gursakda, Isläň-ä ýürege, isläň depdere, Ýazyň ýöne ýatdan çykmajak ýere. Bu gün düzme ýazyň özüňiz hakda, Ähli pikirňizi ýaňzydyň şunda, Geçen geljek ömrüňize deňeçer, Soňra bolsa işläň ýalňyş üstünde, Soňky deme çen. Gylyçmyrat KAKABAÝEW. | |
|
| |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
