10:13 Duzuñ üçin sag bol!.. | |
|
Seni gördüm, Depäm göge diredi, Arzuw guşum gerdi giňden ganatyn. Çagalyk döwrümi, Ýaşlyk döwrümi Ýada saldym saňa duşan halatym. Sen açyk ýigitdiň, Alçak ýigitdiň, Diňe hoş söz aýdylardy sen hakda. Görgür gözüň bardy, Eşitgir gulagyň, Ynjalyksyz ýürek bardy gursakda. Çekinmezdiň, Ýüz görmezdiň, elmydam. Adamlaň ýüzüne garap dogry sen, Oňadyna oňat diýip bilerdiň, Göneltmäge synanşardyň egrisin. Başlyk däl, ataňam telek gep diýse, Tolgunardyň, Bilmezdiň hiç dynç alyp. Tä ýalňyşyn düzedýänçä, duýýança, Ýokdy, dostum, ýokdy sende ynjalyk. Şol gylygňy küýsäp gelipdim, arman Ot görmedim görejiňe gözlämde. Ikimiziň aýra gezen ýyllarmyz, Ýaşlykdan nyşanam goýmandyr sende. Öňki ýagyp duran gözleň solupdyr, Bolupdyr oýlanmak, jedelleşmek ýat. Sen dünýä şeýle bir biperwaý bakýaň, Sen ýaman arkaýyn, örän parahat. Ýatlatjak bolamda ýaşlyk arzuwňy, Gürrüňi sowýaň-da başga bir ýana, Diýýäň «O zatlar hiç, gel, çaý içeli, Başlyklar oýlansyn, dost bize näme? Çagalarňa iýdir, geýdir, dynjyň al, Gürleseň, ýolbaşçam halap durmaýar...» Ýeri, mundan soň men näme diýeýin, Saňa haýpym gelýär, nebsim agyrýar. Duzuň üçin sag bol! Ugrat sen meni, Gideýin, iň soňky arzymy aýdyp. Halalla çagalaň iýyän duzuny, Ezraýyl gelmänkä jan berme beýdip. Gideýin, Seni däl, köne dostumy Gözläýin, Bilseň, diý nirede galdy? Ol açyk ýigitdi, Alçak ýigitdi, Janlydy, seniň dek doňdurlan däldi. Italmaz NURYÝEW. | |
|
| |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
