11:50 Dymyp gezip ýörün içim hümledip | |
Dymyp gezip ýörün içim hümledip, Golumda-da daşy könelşen Şukşin. Belki diýýändirler maňa seredip, Bolup ýörşi gowy-ha däl şu kişiň. Sähralara siňsem, soňam gelmesem, Ýitsem sessiz derýalaryň boýunda. Dost-ýarlaryň hossarlaryň hemmesem, Galmasady agyr derdiň teýinde. Gussa ýüregimi köwüp teşe deý, Soň ruhumy şoň içine gabaplar. Dertler goş ýazdyrdy goşa-goşadan, Gel aýt ol zyndany kimler halapdyr. Bir ýerde özümden uzak ýerlerde, Bir dost bar ýaly-la ahwalym aňýan. Ol bir bilýärmikä bärde gam bilen Dertler eşek bolýar üstümde agnap. Şukşin maňa düşünmeýär bu çakda, Biraz ýukalypdyr aňym-üşügim. Ýöne alyslarda bakylyk hakda, Bilsem diýýän öz kalbymdan düşünip. Sylapberdi MUHAMOW. 02.05.2020 ý. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
