22:55 Eý, ademden älemi mowjud eden... | |
Eý, ademden älemi mowjud eden, zulkibriýa, Owwalyňda gaýetiň ýok, ahyryňda intiha. Patyşah sen, kadyry-kaýýum sen, haýýyl-ebed, Senden özge jümle-älem bolgusydyrlar läfeta. Kim sütünsiz asybany gaýetinde saklaban, Ýere berdiň minnetiňde hem karar ile ryza. Aýy, Güni ruzy-şeb köýünde sergezdan kylyp, Kim ýügürter sen pelek burçunda her subhy-mesa. Çarh hem gerdan durar, yşkyň bile tutmaz karar, Bolmuş ol biçäre hem hijriňde zary-mübtela. Jany-dilden yşk ile aşyklaryň jan berdiler, Neýlär ol jany seniň yşkyňda kim kylmyş pida. Jümleýi-biçäre senden derdine istär alaç, Wäh, ki bidermanlaryň derdine sendendir dowa. Lutp edip söýen habybyn hormat üçin ruzy-şeb, Kylmagyl ryswa meni, şermendeýi-ýüzi gara. Gaýyby, asy guluň dergähiňe tutmyş ýüzün, Müstejap eýläp dowasyn, hajatyn kylgyl rowa. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
