21:20 Eý, Hudaýym! | |
|
Eý, Hudaýym! Meniñ dogan-gardaşym Mydam töweregmi dursunlar gallap. Olar meni söýsün, gadyrmy bilsin Häzirki dek buýsanjyny halallap. Eý, Hudaýym! Meniñ süýtdeş doganym - Mydana doganym hem dostum bolsun. Wah, meniñ wepaly jana-jan dostum Aşak düşmän, hasam belende galsyn. Eý, Hudaýym! Perzentlermiñ barmagna Görmäýin, görmäýin tiken uranny! Men guwanýan duşmanymyñ barlygna, Ölsem... Görsem matam tutup duranny. Eý, Hudaýym! Meniñ mähriban gelnim Pikrinde-de biwepalyk etmesin. Ölemsoñam Türkmenistan, il-günüm, Unutmasyn, adym-işim ýitmesin. Eý, Hudaýym! Meniñ ýedi arkamam, Undulmasyn şo-ol gadymky pederim. Meñ milletim özge ile garyşsa, Bu dünýäden gözüm açyp giderin. Eý, Hudaýym! Jennet ýaly bu ýurdum Uruş, dawa-jenjel beri görmesin. Iki ýurt gaharlanyşsa, "o derdin" Köşeşdirsin, Egnin gysyp ýörmesin... Ödek ÖDEKOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
