11:55 Muhammet pygamberiñ pähimleri | |
|
1. "Şu dünýäñ özi, ondaky ähli zatlar ajap hem gymmatly, ýöne bularyñ içinde iñ bir gymmatlysy - mähriban, pähimli zenandyr". "Gör, ahyry, neneñ ajap bu dünýä!" - Şeý diýýändir akly ýeten her ynsan. Jany saga dünýä gözel görünýä, Hasam akyl-huşuñ alan şol jenan. Näme diýselerem aýrydyr aýry Perzentlerne mähir paýlaýan ene. Eý, sen Tañrym! Nädip akylyñ ýetdi?! ...Enäni deñeýän, gökdäki güne. 2. "Ajymtygam bolsa, ýakymsyzam bolsa, mydama hakykaty aýdyñ". Ýalan söz süýjümtik, gaty ajydyr. Gizlemek gerek däl, her adam bilýär. Hakykatam ajy, depäñ täjidir, Ol ömrüñ kyn wagtam goldawa gelýär. 3. "Bir zat bölüşseñiz, adalatly boluñ". Gören, bilen zatlañ barysy galýar - Ýagşylyk, ýamanlyk, mähirem, iş-güýç... Bir zat bölüşýäñmi - adalatly bol! Pygambere ynan - galan zatlar hiç. Ödek ÖDEKOW. | |
|
| |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
