23:13 Eý janlary süýjeden, huşly gider huşundan... | |
![]() Eý janlary süýjeden, huşly gider huşundan, Ony özüne getir, bir zatlar ber ýoksula. Aşyklara haýr et, daň ýagtylsyn güýjüňden, Derman zähere dönsün, bir zatlar ber ýoksula. Aý dek ýüzüň bilen bak, ýoksullaryň daşyndan, Bizi ýanyňa al-da, bir zatlar ber ýoksula. Aý ýaly bir parlasaň, janlar bolar yşgyňdan, Bizi nä hemra etdiň? Bir zatlar ber ýoksula. Derwüşde alamat nä? Dillerden dür saçandan, Ýüz ýamaly hyrka däl, bir zatlar ber ýoksula. Hem Adam, hem Isa sen, Merýem bolmasak hem hiçden, Hem syr, hem syra mährem, bir zatlar ber ýoksula. Ajy sen bilen süýjär, küpür - sen bilen dindar, Tiken - tomus gülüdir, bir zatlar ber ýoksula. Ah, maňa jan, söýgülim, küpürim hem imanym, Sen şalara şahynşa, bir zatlar ber ýoksula. Eý, gama batan bende, ybadatkär bende, Bedene iş salyşman, bir zatlar ber ýoksula. Ah, ah meniň nur-yşygym, bu gün bir iş ederin, Men nura bir perwana, bir zatlar ber ýoksula. Sen aýybymyz agtaran, ýylanmyň ýa balykmyň, Sen näme sen, sen näme, bir zatlar ber ýoksula. Gözelim sen bolgunyň, hem ol bil – bu gelişmez. At bu jany ýokluga, bir zatlar ber ýoksula. | |
|
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |