11:02 "Gar ýagar" | |
|
Howa maglumaty "Gar ýagar" diýýär. Gar ýagjagyn habar berýär öñünden. Emma ol habary eşden ynsanlañ, Neneñ duýgulary dörär göwnünde?! Belki ilkinji gar ýatladar yşgy, Belki-de şahyra ýazdyrar goşgy, Ol kimleriň armanlarny gorjalar, Kimler bolsa ökünerler içinden, Kimleriň hem ýañaklary şorjarar... Hawa, gar ýagjakmyş, ol ýagjak garlar, Kän ýürekleñ duşmagyna bahana. (Gyşda-da söýmeklik, duşmaklyk mümkin, Garaşmak gerek däl hökman bahara) Myş-myş-a ynanyp garaşýan gara, Emma duşmaklyk däl, daşlaşmak üçin. Biziñ ikimizi duşuran gyşda, Sen bilen ömürlik hoşlaşmak üçin. Ýüregimem seni unutmak islap, "Unut, ykbal ondan ar alar" diýýär. Garaş, seni unutmagma az galdy, Howa maglumaty "gar ýagar" diýýär. Aýsapar EMELOWA. | |
|
| |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
