19:14 Garagumum | |
|
Garagumum – gara günüm. Göreji sen garagymyň, Ereýip akan bolma sen?! Ýeriň ýüzi ýa didesi, Halkyň galkan hakydasy. Dünýäň altyn hakykatyn Ýygnaýyp ýatan bolma sen?! Emgegme eprik-em bolup, Deýede dözüp, bigam bolup, Atam, enem, babam bolup Ýyglaýyp öten bolma sen?! Al güne jyzyrap, tenip, Takyryň – tebsirän lebiň. Her arzuwym – guzy deýin Ýolunda köken bolma sen?! Gasyn-gasyn, oýuk-oýuk, Geýregiň güneşe çoýup, Waspyňa söz barmy laýyk, Çözgütsiz matal bolma sen?! Ýodalar – sapak saralan, Howlukmaç ýeri bar olaň. Alnymda azaply alaň. Kösençli kötel bolma sen?! Ili aman, töresi düz, Tomsy uzyn, bahary tiz. Tetärigi tükeniksiz, Yrsgalym – sakam bolma sen?! Köňli dertden awy-zerzaw, Türkmen ata atly mert är. ...Bagt meň nämeme derkar, Sen maňa Watan bolmasaň?! | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
