10:49 Käte ýaşlygyma sähra giderdim | |
Käte ýaşlygyma sähra giderdim, Özümiň ýönekeý “planym” bilen. Salkyn ýellerine döşümi gerdim, Oňmadym güneşde ýylanym bilen. Arzuwçyldym, arzuwlarym balykdy, Arman teşne çölde gurap galypdy, Elbetde, baryna däldim ýazykly, Salgym köl däl, dynman ylganyň bilen. Atam diýdi “Hoştap bolarlar oglum, Eliň açyk bolsun, seriňde gowluk, Büdüräni görseň, ýoluňdan sowlup, Äkit menzillere özýanyň bilen”. Enem diýdi “Hakyňa jür borlar köşek, Ýagşy niýet rowaç alar, ýol aşar, Biabraý bolan ýok umytly ýaşap, Bir gün duza müň gün salamy bilen”. Melul boldum, özüm hasaplap asy. Delil boldum, goldap ýagşy yhlasy, Zelil göwnüm alyslaryň telwasy Arzuwa ýugrulan gün-aýym bilen. Gurbandurdy ORAZOW. | |
|
| |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
