22:37 Garaşmak | |
|
Öz äkiden şatlygyňy alyp gel. Gaşlaryňy çytman, kalbyňa gülüm, Diňe täsin umytlary salyp gel. Ýola çyksaň belent arzuwlar bile, Öýkedir-kinäni sowurgyn ýele, Açylan bägüle meňzäp sen ýene, Meni bilbil saýyp, oýnap-gülüp gel. Sen şeýle jadyly, şeýle zyýada, Meni kä doňdurýaň, kä salýaň oda. Eger bagtsyz bolmazlygmy dünýäde Isleseň öz zerurlygyň bilip gel. Duýar bolsaň, kändir yşkyň öwrümi. Haýyr-şerden ýasalandyr her güni. Bir öçügsi ýyldyz däl-de, ömrümi Nur bilen bezejek Günüm bolup gel. Olam başartmasa... Tapman alaç men, Örtenip galsam-da, bil senden geçmen. Görsem bes!.. Dert bolup gapymy aç sen, Ezraýylyň mukamyny çalyp gel. Italmaz Nuryýew. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
