19:12 Gel, aýdym aýdaly | |
|
Gel, Watan hakynda aýdaly aýdym, Diñlesin derýalar, deñizler, daglar - Watanyñ ertiri has-da ajapdyr, Ýöne hiç dolanyp gelmez bu çaglar. Ertiriñ aýdymyn ertir aýdarlar, Biz aýdaly şu günleriñ aýdymyn. Görmedim men, geçen urşy görmedim, Ýöne Ýeñşi her kimçeräk söýdüm men. Heniz-heniz yza berýär uruşdan, Ýüreklerde galan agyr ýaralar. Emma bu gün gezelip dur ynsana Çar tarapdan uly-kiçi ýaraglar. Diýme: aýdymlary ýetik bu dünýäñ. Bilýäñ, aýdym bilen gaharlar syna. Ter gülleri söýüşi dek gyzlaryñ, Tämiz aýdymlara teşnedir dünýä. Gel, gözellik hakda aýdaly aýdym, Bu goja zemindir asman arasy - Bägül ysy deýin aýdymdan dolsun, Geçmez bolsun dünýäñ ähli därisi. Aýdym bu zeminiñ ähli künjüne Lälezar meýdanlañ ysyn ýetirsin. Aýdym bir ýerlerden däriñ ysyn däl, Bugdaýly meýdanlañ ysyn getirsin. 1979 ý. Şadurdy ÇARYGULYÝEW. | |
|
| |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
