11:01 Leniniñ diriligi | |
|
Çary aganyñ aýdanlaryndan "Näçe gezek boldum Moskwada men, Onmuka ýa on bäşmikä, bilmedim. Ýene Aşgabatdan uçýaryn ertir, Samolýota alyngy meñ biletim. Näçe gezek boldum Moswkada men, Men Lenini görmekçidim her ýola. Nobatyndan çekinmedim sähelçe Mawzoleýe barýan uzyn mähelläñ... Ynanýanym üçin diriligine. Ynanamok onuñ ýoklugyna men. Bu ynammy hiç kes üýtgedip bilmez - Ynanşym deý garyñ aklygyna meñ. Ölen däldir Lenin, ol bolup bilmez, Aýlanyp ýörendir daşymyzda ol. Şeýle diýmeklige esas berip dur, Öwreden pähimi başymyzda oñ. Belki-de Çilide rewolýusiýany, Galkyndyryp ýörendir ol täzeden. Belki owgan daýhanlarna şu günler Ýer bölüp berýändir geljek ýaza çen. Belki Liwandadyr. Goramak gerek, Oña ok degmegi mümkin ahyry. Nirede-de bolsa soralyñ ony, Özümizden geçip goralyñ ony, Belki Kremlde diñläp durandyr Sowet Soýuzynyñ beýik Gimnini. Ýa-da Baýkal-Amur magristralyn Aýlanyp ýörendir işçi geýminde. Belki hut özüniñ ady dakylan Türkmen kanalynyñ uza boýunda" Diýip, Çary aga beýik Lenini Ýaşadyp ýör hyýalynda, oýunda. ...Näçe gezek boldy Moskwada ol, Bir zady hiç boýun alyp bilmeýär: Ynanmaýar Leniniñ ölümine ol, Ynanýany üçin diriligine. Şadurdy ÇARYGULYÝEW. | |
|
| |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
