11:43 Gijäñ agramy | |
|
Gije ýary, daña golaý ümsümligi diñledän. Ne otlynyń sesi, ne-de bir guşuñ, Ne ynsanyñ gohy bozýar ünsümi, Tañryñ agramyça agyr ümsümlik. Agaçlaram dymýar, güllerem dymýar, zaman soñlan ýaly doñup dur salym, ezeliñ boşlugna öwrülip oÿlam şo ýerde doñyar. Gije ýary, daña golaý ümsümligi diñleýän. diñleýän garañky otagyñ syýa tümlügin, duýýan tenimde tünüñ gurşun siñen agramyn. Ölümmi bu, düýşmi bu? çalaja yş görünmeýär bu ýagdaýdan sypara. garaş gözüm, garaş gömülen gözüm bir gaçalga tapara! Gije ýary, daña golaÿ ümsümligi diñleýän. diñleýän, diñleýän, ünsüm bilen diñleýän. Has uzakdan, öz ruhumyñ künjünden eşidilÿär bir owaz, göýä dutar owazy çalyp dur barmaklaryñ güñ oýy ajap bir sazy. Gije ýary, daña golaý söýgi aýdymy … yşkyñ bir mylaýym çawuşy gijäñ mañlaýyna salýar nagyşy. bozýar güñlügi onuñ ataşy ýuwudýaryn tümlügi. Daña golaý, gije ýary ümsümligi ýuwudÿan, dirilik zäherin ýuwudan ÿaly. 2020 Ibrahim B. | |
|
| |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | |
|
| |
