12:13 Jennet | |
Arassa howa, gözel tebigat gam ýok, gussa ýok bar zat ýerbe-ýer öýde telewizor, internet, aýpad köçä çyksañ güler ýüzli adamlañ ellerinde jennet gözlerinde bagt. wah, gören bolsady bu gözelligi waspyny ýeti:rdi Berdinazarlar, Kerim agalar, Mämet Seýitler, hem Kerbabalar!? Ýok, ýok Butaýy kitaplarda söz edilen Behişt däl, Y:klap ýörün men waspa ejiz gopan Türkmen şahyry ýalñyzlygymda Ýewropañ bir gözel obajygynda. Darygýan, Gysylýar göwnüm! Bu ýerde bar zat bar, bar zat ýerbe-ýer Diñe siz ýok dostlarym "Erkana ruhlar, azada janlar” Ýok, Diñe siziñ mähriñizden ganyp bilýän gijeler. Ýok, Öz obamyñ güneşi, öz ilimiñ durmuşy, süýjüler, ajylar. Ýok, Çañlyja howam, bir delje günäm. Ýanyp göçýän gözýetim, öz çölüm, öz atym, öz külbäm. Arassa howa, gözel tebigat, Ýok alada, gam, undulan ÿalan, Jennet mysaly bu obañ haly, ähli köçeler gülküden doly. Ýöne meñ üçin gözleri gömülen haly teñ üçin, Töwerek tümlük, gije, gündizim Bu ýerde sen ýok ezizim. Ybrahym B. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||