04:00 Girman bagşynyñ dutary | |
|
Menzil mähelleden hyryn-dykyndy, Ugraýan, ugradýan saýgarmak kyndy. Girman bagşy bolsa çalýar dutaryn, Görmek üçin öz ýarynyñ didaryn, Gara gözler gara göze esedýär, Dutar bolsa iñläp şeýle ses edýär: "Watan, gujagyña kabul et ogluñ, Git-de, ýeñiş bilen gaýdyp gel, oglum!" Iñ soñky hoşlaşyk, iñ soñky pursat, Iner ogullarna berýär-de rugsat, Dataram aglaýar, bagşam aglaýar. Birdenem bolşuna edýär-de ejap, Ýene mukam, ýene dutar saýraýar. Diýýän ýaly: "Meýdan merdi saýlaýar! Watan, mert hatarña kabul et ogluñ, Git-de, ýeñiş bilen gaýdyp gel, oglum!" Bagşyñ şo gezekki çalan mukamy, "Mukamlar başysy" hemem "Aýralyk". Ana, şonda gerçek-gerçek ýigitler, Gitdi bizden ömür baky aýrylyp. Ýöne ölümi-de ýeñen şo dutar Gezdi ýördi gapy-gapy aýlanyp. ...Zalym uruş bolsa-da kän gurbanly, Ili Ýeñiş toýun tutdy Girmanly! Ata TÄZEBAÝEW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
