Olar hemişe, hemme ýerde bardy (bolarlaram, tebigatyñ kanuny-da bi), agam. Hemişe üýrüp, çyñsap geldiler (Hudaýa şükür, kerwenimiz haýallyk bilen ýol aşsa-da ýetmeli menziline ýete-ýete geldi). Hemişe garañka bukulyp kesek atdylar, hemişe asmana tüýkürdiler (öz ýüzlerine düşdi), mydam aýakdan aslyşdylar, bilenleri-bitenleri gep-gybat, myjabat, töhmet boldy... ahyrynda özleri il masgarasy boldular. Ýaşlyk edip, ilki olara jogap berjegem boldum... Degmeýän eken. Olary Allanyñ özi düzetmese düzetjek güýç ýok. Suraý şahyrymyz diýýär-ä:
"Bahaňy wagt kesgitleýär, Biweçleň, azgynlaň sözün Diňlemesemem boljak eken. Olary Alladan başga Hiç kim düzetmejek eken..."
Gaýtam, jogap berseñ, olar bilen agzyñy deñeseñ öz abraýyña şikes ýetýän eken. Bilenlerinden galmasynlar. "Suw akar, daş galar". Biz ýagşylygy ýaýaly, biz gözelligiñ waspyny edeli, biz şeri ýazgaraly. "Ýagşydan at galar, ýamandan set". Barmysyñyzam diýme, agam. Şeýtmegiñ bir lezzeti bar eken, walla, indi-indi bilýän munyñ hezilligini.