20:39 Gitmek was-wasy | |
Her kim bir ýere gitmekçi. Goş-golam düwülgi, eýýämhaçandan. Bir salym durjak däl, Gaçýan ýaly ajaldan. Ýollar... Duralgalar... Wokzal, Aeroport... Mähellä gark bolan añk-tañk giñişlik. Adamlaryñ alaçsyzlygyn synla! Ýatladýar bäbegiñ dünýä inişin... Adamlara haýran galýan. Hem düşünjek bolýan. Ynanaý halys. Güzeranyñ çarhy aýlanyp çar yan, Haýsy yklymlardan çykarar sizi?! Ynha, barýar ibirt-zibirt mähelle, Sen özüñ nä diýýän. Tüket, eý asy! Bu bolşumyz kyýamatdan nyşanmy, Ýa Haşyr gününiñ repetisýasy?! Sylapberdi MUHAMOW. 22.01.23. Moskwa. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
