20:30 Gör neneñsi hekaýat | |
|
Adamlaň içinden gyl dek sogrulyp, Bir gün soňky ýola ugraaryn menem. Geçip giden ýyllar yza öwrülip. Hiç haçan, hiç haçan dolanmaz ýenem. Dolanmaz yzyna ýigrim bäş ýaşym, Dolanmaz yzyna gojalygym-da. Güneş bilen şemal bilen hoşlaşyp, Ýiterin ýoklugyň gijeliginde. Ot gögerip mazarymyň üstünde Gezegine bezär ony pasyllar. Ýyllar gider, Ýiter gider mazar-da, Bu topragy bezäp ýaşar nesiller. Gör neneň hekaýat: Bolmasamam men, Adamlar ýaşajak, baky öljek däl. A men bolsa adamlardan aýrylyp, Bir minut hem ömür sürüp biljek däl. (1963) Halyl KULYÝEW | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
