13:12 Goşgular, goşgular... | |
|
▶ GOŞGULAR, GOŞGULAR... A.Prokofýewe öýkünme. Goşgular, goşgular, Baý, köp-ä bular. Munça-da bir goşgy bolar oguşýa. Nämüçindir, başarýanlar az goşýar, Başarmaýan kän goşýa. Gürrüñim ýok başarýanlar hakynda, Bu gürrüñim başarmaýan hakynda. Emma weli, näçe başarmasa-da "Başarýan!" diýp, baş bermeýän hakynda. Çapýar ol atyny, Gamçylap çapýar, Bir arapdan çykýar, birem şarapdan. Gamçysy hem, eýeri hem agaçdan, Agyzdyryk, uýany hem agaçdan, Wah, hiç-le bularyñ agaçdanlygy, Ýöne, arman, atyñ özem agaçdan. Wah, hiç-le atyñ hem agaçdanlygy, Arman, at sürýäniñ özem agaçdan. Belki, şeýdip çapyp ýörse agaçlar Bedewe öwrüler ýuwaş-ýuwaşdan. Äwmeklik şeýtandan, Sabyr Rahmandan, Belki-de öwrüler. Men-ä garaşýan. Ýöne häzirlikçe, baý, köp-ä bular, Munça-da bir agaç bolar oguşýan! Bagyşlañ. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
