08:14 Goşgy arakesmesi | |
|
"Goşgy az ýazýarsyň" diýýärsiň maňa, Köp ýazylsa, goşgy bolýarmy näme?! Gijäni penjeläp, ýassansaň daňa, Juda az pikirler gelýär kelläňe. Gözüňden gitmeýär ýekeje gije Parç bolup açylan bir gülüň keşbi. Ugrunda selpedip, entedýär nije, Köp däl, bir gözeliň söýgüsi, yşgy. Geregi ýok uzyn gürrüň bermegiň, Uzak bolýar gysga sözüň ykbaly. Parran geçip deňesinden günleriň, Ýuwan goşgy ýazyp, göwni ýykma:ly. Berseň-de ýüz goşgy mysal getirip, Ýeke jaýdar söze ömrün berjek kän. Lezzetini ýeke bendiň, setiriň, Onlap ýazlan şygra çalşyp biljek däl. Goý, köp bolsa bolsun habar, makala, Söz kän ahyr ýüregiňi diýmäge. ... "Goşgy az ýazýarsyň" diýýärsiň maňa, Köp ýazylsa, goşgy bolýarmy näme?! Goçmyrat ORAZBERDIÝEW. | |
|
| |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 | |
| √ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 | |
| √ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||
