10:51 Nireden bilýärsiñ?! | |
(Bäş ýaşlyja gyzyma) Nireden bilýärsiň, nädip bilýärsiň Kakaň şeýle mähre mätäçligini?! Işden gelenimde, gollaryň gerip "Kaka-a" diýip, ýüwrüp gelşiňe göni Meniň gujagyma oklaýaň özüň, Ah, şol pursat, şojagaz şat pursadam. Söýgi bolup kürsäp girýär kalbyma Seniň edil doluşyň deý gursaga. Wah, melejik gyzym! Gülejik gyzym! Bilýäň jandan söýülýäniň aşa sen. Seniň begenşiňi görmeklik üçin Gitmäge-de taýýar her gün işe men. Günler kisämdäki teňňe deý ýitip, Kalbymda galdyryp bilenok yzyn. Emma olarda seň barlygyň üçin, Hersin sen deý bagra basýaryn gyzym, Mähriban gyzym! Goçmyrat ORAZBERDIÝEW. | |
|
| |
| √ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 | |
| √ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 | |
| √ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 | |
| √ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 | |
| √ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 | |
| √ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 | |
| √ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 | |
| √ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 | |
| √ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 | |
| Teswirleriň ählisi: 5 | ||||||
| ||||||
