16:11 Aşyklara sogap bolar | |
Söýeñogam, söýemogam? Söneñogam, sönemogam... Söýmek üçin ýanmak gerek, Sönmek üçin ýanmak gerek. Ýanyp bilseñ - sönüp bolar, Hemem seni ýanyp söýýän, Bir jenanyñ ykbalyndq, Yşk möhüriñ ýazyp bolar. Ýazyp bor didäñ nuruny, Ýar gadamy düşjek ýola. Söýýän bilen söýülýäne, Yşkdan özge emgek ýog-a. Puluñ bolsa - kümüş-teññe, Agramyna agram çekip. Törüñe geçirseñ ýary, Galmarsyñ-a içiñ çekip. Awa salsañ elguşuñy, Ganat baglap hyýalyñda. Asal garylan posalar, Sebäp däldir uýalara. Tutaşsa yşkyñ ataşy, Alawyndan eýmenmegin. Diñe ýanyp öçürip bor, Sataşan yşkyñ emgegin. Ot bolup o:tly gujaga, Dolup bilseñ - sowap bolar. Ýar yşkynda ýanyp-sönmek, Aşyklara sogap bolar. Hojaberdi BAÝRAMOW. | |
|
| |
| Teswirleriň ählisi: 0 | |
